RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar döwletara gepleşikleri ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ornuny belläp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslah...

DOWAMY
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLERINI GEÇIRDILER

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli çäreleri vakyngünlerde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary tarapyndan gurnaldy. Welosipedli marafonlar dünýäniň dürli künjeklerinde geçirildi, oňa türkmenler we daşary ýurtly diplomatlar, halkara, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, türgenler, türkmen we daşary ýurtly ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hereketler ilatyň saglygyny ýokarlandyrm...

DOWAMY
5 Iýun

PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökle...

DOWAMY
3 Iýun

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ WE ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ PREZIDENTINIŇ 2-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde "Merkezi Aziýa – Ýewropa Geňeşi" görnüşinde ýokary derejeli sammit geçirildi, oňa Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şarl Mişel, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Amannepesow gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ÝB döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine sere...

DOWAMY
3 Iýun

ERMENISTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Artaşat şäherinde Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Çäräniň soňky gününde, Artaşat şäheriniň Amo Harazýan adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda, Medeniýet günlerine gatnaşýan döredijilik toparlary bilelikde konsert berdiler. Bu konsert we bilelikdäki çykyşlar iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkm...

DOWAMY
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Ilçi M.Çaryýewiň Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, Ilçi onuň bu gurama Türkmenistanyň Wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda M.Çaryýew Halkara sergiler býurosynyň halkara sergileri guramak we utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Türkmenistan bilen HSB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny mälim etdi. Ilçi HSB Türkmenistanda milli we halkara...

DOWAMY
2 Iýun

AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...

DOWAMY