RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Sen

TÜRKMEN-WÝETNAM DIM-ARA GEŇEŞMELERI BARADA

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinj...

DOWAMY
7 Sen

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň  Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy. Taraplar “Ýe...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANDA TÄZE ZELANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyn...

DOWAMY
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARY BILEN DUŞUŞYKLARY BARADA

Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi. Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International S...

DOWAMY
6 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý gepleşikleri geçirdiler, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy. Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda taraplaryň türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmeklige gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirend...

DOWAMY
6 Sen

TURKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti t...

DOWAMY
6 Sen

PARIŽDE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri...

DOWAMY