RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORKA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsan...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respubl...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ HORMAT NYŞANY BILEN SYLAGLANDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy. Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp mas...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdyla...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY BARADA

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Duşenbede Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gepleşikleri geçirdi. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary ösüş dereje...

DOWAMY
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi. Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnol...

DOWAMY