RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
11 Okt

ENERGETIKA ULGAMYNDA TÜRKMEN-RUMYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde bolýar. Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy. Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistany...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÄZE ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 10-njy oktaýbrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Kanadanyň ýokary derejeli ýolbaşç...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTANDA BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Bangladeşiň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuw...

DOWAMY
10 Okt

KANADANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halka...

DOWAMY