SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň halkara düzümlerde wekilleri bellenildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlere wekilçilik etmegine degişli birnäçe kararlara gol çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek barada...
AHEHG-ynyň Ýerine ýetitiji komiteti işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Aralyň guramagynyň ilkinji sebäbi bolan Merkezi Aziýa sebitiniň derýalarynyň gidrogeologiýa düzgüniniň üýtgemegi milllionlarça adamyň durmuş şertlerine täsir etdi. Ýaramazlaşma ýagdaýy Merkezi Aziýanyň ekologiýa ulgamynyň erbetleşmegine getirdi. Aral kynçylygyny çözmek köp babatda deňziň töweregindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ylalaşykly we jogapkärli hereketine baglydyr. 1993-nji ýylylň 4-nji ýanwarynda Daşkent şäherind...
TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 68-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň çöz...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada düýn gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy döwletara dialogyň ýokary ösüşini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösü...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belledi. Şu...
HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Ozal ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin we Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibininiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti olary durmuşa geçirmek boýunça, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde degişli resminamalary we rezolýusiýalary kabul etmek babatdaky işjeň hereketleri dowam edýär. Ynsanp...