TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINE GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn...
TÜRKMENISTANDA SEBITIŇ IŇ IRI GAZ-HIMIÝA TOPLUMY IŞE GIRIZILDI
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür d...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...
«AMUL–HAZAR 2018» AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy – “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Ralliniň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy Balkan welaýatynyň baş baýdak meýdançasynda geçirildi, bu ýerde podium goýuldy. Hormatly Prezidentiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňij...
TAILAND PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn ne...