img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sö...

DOWAMY
pic
25 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI

2019 ýylyň 25 fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degi...

DOWAMY
pic
25 Few

BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY

2019 ýylyň 25 fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim we sanl...

DOWAMY
pic
25 Few

ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA

2019 ýylyň 24-25 fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşuşykl...

DOWAMY
pic
22 Few

SEULDA TÜRKMEN–KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI

2019 ýylyň 22 fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar. Şeýle hem şo...

DOWAMY
pic
21 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY

2019 ýylyň 21 fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp...

DOWAMY
pic
21 Few

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ISPANIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019 ýylyň 19-21 fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Alikant şäherindäki “Torrewýeha” suw süýjediji zawodynyň işi we gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Daşky gurşawy özgerttmek ministrliginde duşuşyk geçirdi, hususan-da ministrligiň Döwlet sekretary we bölüm başlyklary bilen duşuşdy. Soňra «Toray», «Torishima», «Arflu», «Bel», «Protec Arisawa», «Eleusis», «Rufepa» we «Hermisan» kompaniýalary suw sü...

DOWAMY