RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ TEBIGATY GORAMAK JEMGYÝETINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aşhabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň (TTGJ) döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy maksady TTGJ-niň döredilmeginiň elli ýylynyň dowamynda gazananlary barada jemgyýetçilige habar bermekden, esasy ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşamakdan we jemgyýetçilik we halkara tebigaty goraýyş guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat...

DOWAMY
pic
12 Okt

Durnukly ösüşiň maksatlarynyň taslamalaryna maýa goýumlary boýunça okuw maslahaty

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryny maýa goýumlary bilen maliýeleşdirmegiň täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi. Ony Durnukly ösüşiň maksatlarynyň biraýlygynyň çäginde Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilelikde gurady.  Okuw maslahatyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, dünýä belli “Strat...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI

2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdy...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň Baş direktory j-p Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahatynyň oňyn netijelerini bellediler. Şeýle hem taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Aziý...

DOWAMY
pic
10 Okt

AŞGABATDA ARAGATNAŞYK WE MAGLUMATLAR BABATDA BILERMENLERIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistan ýurtda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bile...

DOWAMY
pic
10 Okt

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA SEBIT YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ (MASYH) MILLI UTGAŞDYRYJYLARY BILEN GEŇEŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri g...

DOWAMY
pic
10 Okt

BEÝIK BRITANIÝANYŇ MEDENIÝET, HABAR BERIŞ SERIŞDELERI WE SPORT MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ PARLAMENT ORUNBASARY LORD GENRI EŞTON BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport meseleleri boýunça ministriň parlament orunbasary Lord Genri Eştonyň arasynda duşuşyk geçiril...

DOWAMY