TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ RAÝAT AWIASIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sö...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2019 ýylyň 25 fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degi...
BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY
2019 ýylyň 25 fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim we sanl...
ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA
2019 ýylyň 24-25 fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşuşykl...
SEULDA TÜRKMEN–KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI
2019 ýylyň 22 fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar. Şeýle hem şo...
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY
2019 ýylyň 21 fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp...