RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Mar

TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR

2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...

DOWAMY
pic
15 Mar

MOSKWADA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

Birinji hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, 2019-njy ýylyň 15-nji martynda GDA agza döwletleriň gatnaşmagynda Moskwada geçirilen “GDA: sanly ykdysadyýet-integrasiýanyň platformasy” atly Halkara ykdysady forumynda Hazaryň türkmen kenarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. 18 döwlete wekilçilik edýän Foruma gatnaşyjylar şeýle hem rus we daşary ýurt kompaniýalarynyň, bilermenler bileleşikleriniň we köpçülikleýin habar...

DOWAMY
pic
14 Mar

AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE YLMY-BARLAGLARY GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR

2019-njy ýylyň 14-nji martynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa...

DOWAMY
pic
13 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-KOREÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we köptaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdiler. Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp...

DOWAMY
pic
13 Mar

ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ankara geldi. Türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygy Ilçi Ýönet Jan Tezel baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasan ik...

DOWAMY
pic
12 Mar

TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...

DOWAMY
pic
12 Mar

YSLAMABATDA TÜRKMEN-PAKISTAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary boldy. Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan d...

DOWAMY