RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

TÜRKMENISTAN WE MONGOLIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Mongoliýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Batmýonhiýn Batseseg ýolbaçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurd...

DOWAMY
pic
18 Apr

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BALKAN WELAÝATYNA BARDY

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäher...

DOWAMY
pic
18 Apr

TÜRKMENISTANDA SAUD ARABYSTANYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mek...

DOWAMY
pic
17 Apr

TÜRKMENISTANDA TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝHHG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyjy-döwletlerinden gelen 200 golaý wekiller we hyzmatdaşlary, şol sanda halkara guramalarynyň halkara bilermenleri 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda öz işine başlan terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.   Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýardam berm...

DOWAMY
pic
16 Apr

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...

DOWAMY
pic
16 Apr

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, sö...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ BIRNÄÇE MINISTRLIKLERINIŇ WE PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARAHEREKETLERIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady...

DOWAMY