RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Noý

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutan...

DOWAMY
24 Noý

Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň  2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy...

DOWAMY
23 Noý

Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler barada

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ug...

DOWAMY
23 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ynanç hatyny gowşurmak bilen, diplomat Döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly...

DOWAMY
22 Noý

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty barada

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ä...

DOWAMY
22 Noý

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlis kiçi komitetiň başlyklarynyň - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýuýyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara birek-birege ynanyş...

DOWAMY
22 Noý

Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň...

DOWAMY