RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen söhbetdeşlik

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby   Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň...

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMEN WEKILIÝETI ABU BILEN TRT-NYŇ BILELIKDE GURNAMAGYNDA GEÇIRILEN GLOBAL HABARLAR FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy.  Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. TRT-nyň Baş direktory Ibrah...

DOWAMY
pic
1 Awg

«АWAZADA» MALAÝZIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýunynda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.  Iş saparynyň barşynda, 31-nji iýulda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň «Deňiz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meselele...

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA HALKARA TEGELEK STOLY AŞGABATDA GURALDY

2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi.    Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ö...

DOWAMY
pic
31 Iýul

ER-RIÝADDA TÜRKMEN-SAUD GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Saud Arabystanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel bin Siraj Mirdad ýolbaşçylyk etdi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp geçdil...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar.  Şeýle giň gerimli ýaryşlara taýýarlyk görmek işleri Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji iýunda gol çeken resminamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. ...

DOWAMY
pic
31 Iýul

GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETLERINIŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...

DOWAMY