RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Dek

ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ TASSYKLANYLMAGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen Mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýada...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANDA “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2020-2024-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň...

DOWAMY
pic
9 Dek

TÜRKMENISTANDA ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝADAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça  2020 - 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasyndan gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Bu resminama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen kabul edildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, hususan-da, BMG-niň Tü...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HÖKÜMETIŇ GIŇELDILEN MEJLISINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi. Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin ha...

DOWAMY
pic
6 Dek

BRÝUSSELDE TÜRKMENISTAN – ÝB PARLAMENTARA MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUMYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory hanym Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň başynda, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, taraplar ikitara...

DOWAMY
pic
3 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AHHG-NYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryndaky umumy maksatlaryň amala aşyrylmagyndaky işjeň tagallalary babatynda minnetdarlyklaryny beýan etmek bilen, köpugurly özarahereketleriň derwaýys meselelerini ara alyp masla...

DOWAMY