TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň çäklerinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, «Тürkmendeňizderýaýollary» we «Тürkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Koreý wekiliýetine Günorta Koreý...
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRÝOLÇULARY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ “TRANSMAŞHOLDING” PJ BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” Paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” APJ-niň we Transmaşholding” PJ-niň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Web-ara alyp maslahatlaşmalary...
Intellektual eýeçilik ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk
Şu gün Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrliklerin...
ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...
WECOOP “ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI” TASLAMASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYLARY BILEN WIDEO KONFERENSIÝA
Şu gün Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdelerini net...
SERGILERIŇ HALKARA BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary jenap Dimitri Kerkenzes bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we EXPO - Dubaý halkara sergisiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Onlaýn gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjyla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...