RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ABU-DABINIŇ MIRASDÜŞER ŞAZADASYNYŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler....

DOWAMY
24 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.      Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglygyny, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda we Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler ar...

DOWAMY
23 Iýul

TELEFON ARKALY SÖHBETEŞLIGIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN-BRITAN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMEN-EMIRAT GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMENISTAN BILEN BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykla...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMENISTANA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ SYNÇYSY DEREJESI BERILDI

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä  seredildi.    Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda...

DOWAMY
18 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...

DOWAMY