RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Dek

Türkiýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynd...

DOWAMY
29 Dek

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly...

DOWAMY
28 Dek

Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle-de, Türkmenistan b...

DOWAMY
27 Dek

Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat we sergi geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, KHBS, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda a...

DOWAMY
27 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr...

DOWAMY
22 Dek

Maglumat işleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri barada

2023-2024-nji ýyllar üçin “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň degişli düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda diplomatlar Türkmenistanyň we Russiýanyň metbugat gulluklarynyň işini ikitaraplaýyn görnüşde we sebit...

DOWAMY
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...

DOWAMY