RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BAE-NYŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýoka...

DOWAMY
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
13 Maý

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ JARNAMASY

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, p...

DOWAMY
13 Maý

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI.

Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birin...

DOWAMY
13 Maý

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ ÄHMIÝETI

Belläp geçilişi ýaly, Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işini dowam edýär. Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegindäki döwletleriň gazanan üstünlikleri barada nygtaldy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksa...

DOWAMY