RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda «Ýonsan» köşgüniň binasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Koreýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň ynanç hatyny gowşurdy. Ynanç hatyny gowşurmak dabarasynda, Prezident Ýun Sok Ýol Ilçi B.Durdyýewi ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk...

DOWAMY
27 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. Taraplaryň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili Mattias Lýuttenberg ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy ýagdaýlary barada pikir alşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähl...

DOWAMY
25 Ýan

TÜRKMENISTAN WE AZERBAÝJAN HAZAR DEŇZINIŇ DÜÝBÜNI ÇÄKLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Hazaryň institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine - Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili ýolbaşçylyk etdi H.H...

DOWAMY
24 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy. Bu çärä agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralar, sebit institutlary we ECO-nyň degişli guramalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlary, ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energeti...

DOWAMY
24 Ýan

HALK MASLAHATY – TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti - Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  D...

DOWAMY
23 Ýan

“EURONEWS” TELEÝAÝLYMY BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” ýewropa maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Daşary syýasat edarasynda geçirilen ýygnakda Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwain Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamala...

DOWAMY
21 Ýan

TÜRKMEN-RUS STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda: – Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etme...

DOWAMY