RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGURLARYNY MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýu...

DOWAMY
31 Maý

TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýy aralygynda iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolýar. Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns merkezinde saklanýan möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANDA POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Polşanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna aýdan...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN BSG-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy g...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE POLŞANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (bolýan ýeri Baku ş.) Rafal Poborskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we alyp barjak işleriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildi...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen...

DOWAMY