TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ÝB bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlardaky netijeli gurallar we olaryň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar we maslahatlaşmalar barada bellenildi.

Birinji bilen, ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde syýasy-diplomatik ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, hususan-da ÝB-niň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli saparlary we duşuşyklary gurnamak boýunça işleriň işjeňleşdirilmegi barada bellenildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky täze Ilçisiniň we şol bir wagtda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilliginiň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi teklip edildi.

Mundan başga-da, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň we Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” görnüşindäki gatnaşyklaryň, “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” parlamentara dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Ikinji bilen, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeleriň möhümdigi bellenildi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň esasynda “Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan” Işewürler geňeşiniň konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyny dowam etdirmegi teklip edildi.

Şeýle hem, ÝB bilen nebit-gaz, elektroenergetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika hyzmatdaşlygy boýunça yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi teklip edildi.

Mundan başga-da, ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Baştutanynyň garamagyna bu ugur boýunça anyk teklipler ýetirildi.

Üçünji bilen, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiki howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy barada aýdyldy. Bu ugurda ýokarda agzalan pudaklardaky işleriň işjeňleşdirilmegi boýunça anyk ädimler teklip edildi, hususan-da ýaşyl energetikany we wodorody ulanmak hem-de howada metan bölejiklerini azaltmak boýunça ÝB-niň tejribesine bagyşlanan ýewropa döwletleri bilen ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmeginiň mümkinçilikleri beýan edildi.

Soňra medeni-ynsanperwer ulgamynyň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýändigini bellemek bilen, bu ugurda gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri geçirmek teklip edildi.

Şular bilen birlikde, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Ýewropa döwletleri bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna ýokarda agzalan meseleler boýunça düýpli işleri geçirmegi tabşyrdy.