ANONS 2017-NJI ÝYLYŇ DOWAMYNDA EDILEN IŞLER WE ÝURDUMYZDA ADAM HUKUKLARY BABATDA ÝAGDAÝ BARADA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA YGTYÝARLY WEKIL - ADALATÇYNYŇ MAGLUMATY

ANONS

Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolan Bitarap Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasylaryna goşuldy.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda deputatlar tarapyndan gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanda ilkinji gezek Adam hukuklary boýunça ygtyýarly  wekil – Adalatçy saýlanyldy. Şol ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Adalatçynyň diwany döredilip, bu institut öz ygtyýarlyklaryny berjaý edip, doly işläp başlady.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär we şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Bu maglumat Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmäge degişlidir.

Adalatçy tarapyndan geçen 2017-nji ýylyň dowamynda edilen işler we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada maglumat taýýarlanyldy we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berildi. Şeýle-de Adalatçy şu ýylyň 9-njy iýunynda, özüniň ilkinji maglumaty bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda deputatlaryň öňünde çykyş etdi.